Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 10.08.2026

Bergidarlaryň batyp galmagy hakynda

Официальный консолидированный текст по состоянию на 10.08.2026

Обновлено на портале · 10.08.2026

Giriş maglumatlary

Şu Kanun telekeçilik işi ýa-da başga hojalyk işi bilen meşgullanýan subýektleri batyp galan

diýip yglan etmegiň şertlerini hem tertibini kesgitleýär we bergidarlaryň emläk ýagdaýyny

düzgünleşdirýär.

Şu Kanun algydarlaryň we bergidarlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň aralmagyny

kepillendirýär, eger hojalygy ýöredýän subýektleriň kärhanalarynyň batyp galmagynyň öňüni almak

çäresiniň geçirilmegi ykdysady taýdan maksada laýyk däl diýlip hasap edilen bolsa, onda

üzülişmäge gurby ýetmeýän şol kärhanalary mejbury suratda ýa-da meýletin ýatyrmagyň hukuk

esasyny döredýär.

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. «Batyp galmak» diýen düşünje we onuň alamatlary

«Batyp galmak» diýlende algydarlaryň bildirýän talaplaryny bergidaryň şu Kanunda bellenen

möhletde kanagatlandyrmaga hem-de býujet öňündäki borçlaryny berjaý etmäge juda

ukypsyzlygyna düşünilýär .

Bergidaryň borçlarynyň öz emläginiň gymmatynyň (passiwleriň aktiwlerden) artyk gelýändigi

sebäpli, töleg tölemegiň togtatmagy batyp galmagyň alamaty hasaplanýar.

Bergidar özüni batyp galan diýip meýletin yglan edenden soň ýa-da ony arbitraž kazyýeti

üzülişmäge gurby ýetmeýän diýip ykrar edenden soň, ol batyp galdy diýlip hasap edilip bilinýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

2-nji madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlar, batyp galma subýektleri,

algydarlar

Telekeçilik işini ýa-da başga hojalyk işini alyp barýan hemem özleriniň töleg serişdeleriniň

ýeterlik däldigi zerarly algydarlaryň öňündäki hem-de býujet öňündäki öz bergidarlyk borçlaryny

berjaý etmeýän fiziki hem ýuridik taraplar özleriniň haýsy eýeçilik görnüşine degişlidiklerine

garamazdan, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlar hasaplanýar.

Arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenen tertipde üzülişmäge gurby ýetmeýän diýlip ykrar edilen

ýa-da özlerini üzülişmäge gurby ýetmeýän diýip özleri meýletin ykrar eden bergidarlar batyp galma

subýektleri (batyp galanlar-bankrotlar) diýlip hasaplanýar.

Bergidardan emläk talabyny edýän fiziki ýa-da ýuridiki taraplar algydarlar hasaplanýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

3-nji madda. Bergidaryň aktiwleri we passiwleri

Bergidaryň emlägi uzak möhletli we gysga möhletli aktiwlerden ybarat.

Bergidaryň passiwi hususy maýadan, uzak möhletli we gysga möhletli borçnamalardan ybarat.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

4-nji madda. Bergidaryň emläk jogapkärçiligi

Bergidar algydarlaryň we býujetiň öňündäki öz borçlary barada doly suratda emläk

jogapkärçiligini çekýär.

Bergidaryň emläk jogapkärçiligini onuň eýeçilik hukugy esasynda ýa-da hojalygy doly

ýöretmek hukugy esasynda özüniňki bolan emlägi barada (kärende alnan emläk girmeýär) degişli

edilýär.

Kärhana eýesi bolup durýan ýuridik tarap döretmek arkaly iş alyp barýan fiziki taraplar öz

borçlary barada kärhananyň bütin emlägi bilen hemem özüniň şahsy emlägi bilen jogapkärçilik

çekýärler.

Ýuridik tarap döretmän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki taraplar öz borçlary barada öz

bütin emlägi bilen jogapkärçilik çekýärler.

Bergidaryň emlägi ýeterlik bolmadyk mahalynda, ol öz bergileri barada kanunlarda bellenýän

tertipde hem möçberde jogapkärçilik çekýär.

Töleg tutulyp alnyp bilinmeýän emläk kanun boýunça kesgitlenilýär.

Hakyna durup (şertnama, kontrakt boýunça) işleýän adamlar hakyna tutujy bergidaryň borçlary

barada emläk jogapkärçiligini çekmeýärler.

5-nji madda. Bergidaryň batyp galmagyna getiren bilkastlaýyn hereketler üçin jenaýat

jogapkärçiligi

Bilkastlaýyn edilen hereketler netijesinde bergidar batyp galan bolsa, munuň üçin günäkär

adamlar dowam edýän kanunlara laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

6-njy madda. Batyp galma hakyndaky işlere garaýan kazyýetler

Batyp galma hakyndaky işlere bergidaryň bolýan ýerindäki arbitraž kazyýeti garaýar.

Batyp galma hakynda işleriň ýöredilmegi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň raýat we arbitraž iş

ýörediş kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

7-nji madda. Bergidaryň üzülişmäge gurby ýetmeýän mahalynda geçirilýän çäreleriň

tipleri

Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar barada aşakdaky çäreler ulanylýar:

kazyýet çäreleri däl çäreler;

üýtgedip guramak;

ýatyrmak;

barlyşyk ylalaşygyny gazanmak.

Üýtgedip guramak çäresi üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň emlägini administratiw

taýdan dolandyrmakdan ýa-da bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Ýatyrmak çäresi üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň kärhanasynyň algydarlaryň

gözegçiliginde meýletin ýatyrylmagyny we arbitraž kazyýetiniň karary esasynda mejbury suratda

ýatyrylmagyny öz içine alýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

II bölüm. BATYP GALMA HAKYNDAKY IŞLERDE KAZYÝET ÇÄRELERI DÄL ÇÄRELERIŇ ULANYLMAGY (2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

8-nji madda. Kazyýet çäreleri däl çäreler diýen düşünje

Bergidar üzülişmäge gurby ýetmejek howp abananda arbitraž kazyýetine arza bermän, şeýle

howpdan algydarlar bilen gepleşik geçirmek arkaly dynjak bolmaga haklydyr.

Kärhananyň meýletin ýatyryljakdygy hakynda karara gelende, bergidar algydarlar bilen

ylalaşmaga borçludyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

9-njy madda. Kazyýet çäreleri däl çäreleriň netijeleri

Kazyýet çäreleri däl çäreleriň netijesi aşakdaky ýaly bolup biler:

tölegleri tölemegi algydarlaryň ählisi bilen ýa-da bir bölegi (azyndan üçden ikisi) bilen gaýra

süýşürmek hakynda ylalaşmak;

kärhanany algydarlaryň gözegçiliginde meýletin ýatyrmak;

barlyşyk ylalaşygyny gazanmak.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

10-njy madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň kärhanasyny algydarlaryň

gözegçiliginde meýletin ýatyrmak

1. Eger bergidar öz borçlaryny töläp bilmejekdigine we tölemäge ukyplylyk derejesini

dikeltmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny boýun alýan bolsa, onda kärhanany meýletin ýatyrmak

hakyndaky, karar algydarlaryň razylyk bermegi bilen, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň

başlangyjy boýunça kabul edilýär.

2. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylýandygy hakynda karar

kabul eden gününden beýläk iki hepdäniň içinde algydarlaryň ýygnagyny çagyrýar, oňa aktiwleriň

we passiwleriň ýagdaýy hakyndaky buhgalterçilik hasabaty berýär. Hasabatyň ýanyna algydarlaryň

bildirýän talaplarynyň möçberi ýazylan sanawy goşulýar.

3. Bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylmagyna razy bolanda algydarlaryň ýygnagy

algydarlardan we bergidaryň wekillerinden ybarat ýatyryş toparyny belleýär hem-de kärhanany

meýletin ýatyrmak hakynda karar kabul edýär, bu babatda kärhanalary döwlet belligine alýan edara

iki hepdäniň içinde habar edýär. Şol bir wagtyň özünde hem algydarlaryň ýygnagy bergidaryň

kärhanasynyň meýletin ýatyrylýandygyny metbugatda habar berýär.

4. Ýatyryş topary:

kärhananyň buhgalterçilik depderlerine we beýleki resminamalaryna ygtyýar etmek hakynda

karar kabul edýär:

bergidaryň emlägini satmaly diýip ygtyýar berýär;

emlägi ýerlemek we borçlary üzmek meseleleri barada algydarlar bilen kärhana eýeleriniň

arasynda baglaşylmaly ylalaşygy işläp taýýarlaýar;

şu Kanunyň 34-nji maddasyna laýyklykda, algydarlaryň edýän talaplaryny

kanagatlandyrmagyň tertibini kesgitleýär;

dolandyryja hak-heşdek bermegi kesgitleýär;

algydarlar bilen kärhana eýeleriniň soňlaýjy ýygnagyny çagyrýar, jemleýji nutugy ýazyp

berýär, onuň ýanyna ýatyryş balansyny hem-de algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň

galan serişdeleri peýdalanmak hakyndaky hasabaty goşýar.

5. Algydarlar bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylmagy bilen ylalaşmasa, olaryň kärhananyň

mejbury suratda ýatyrylmagy barada arbitraž kazyýetine arza bermäge haky bardyr.

Goşundylary bolan jemleýji nutugyň göçürmesi kärhanalary döwlet belligine alýan edara bir

hepdäniň içinde iberilýär. Kärhana döwlet belliginiň sanawyndan çykarylan pursadyndan ýatyrylan

hasap edilýär. Kärhananyň ýatyrylandygy barada metbugatda habar berilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

III bölüm. BATYP GALMA HAKYNDAKY IŞLERIŇ ARBITRAŽ KAZYÝETINDE ÝÖREDILIŞI (2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

11-nji madda. Batyp galma hakyndaky işleri gozgamak üçin hyzmat edýän esaslar

Batyp galma hakyndaky işleri arbitraž kazyýetinde gozgamak üçin bergidaryň ýa-da

algydarlaryň arzasy esas bolup hyzmat edýär.

Batyp galma hakyndaky işler aşakdaky halatlarda gozgalyp bilner:

bergidaryň bergi borçlarynyň şertlerini öz wagtynda we ähli pudaklary boýunça berjaý etmäge

ukypsyzlygy ýa-da şeýle berjaý etmekden boýun gaçyrmagy;

eger bergidar borçlaryny tölemek hakynda talap bildirilenden soň iki aýyň dowamynda ony

töläp bilmese;

eger bergi borçlarynyň möçberi bergidaryň emläginiň gymmatyndan artyk gelse.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

12-nji madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň arzasy

Bergidaryň üzülişmäge gurbunyň ýetmeýändigi hakyndaky arzany kärhananyň ýolbaşçysy ýa-

da ygtyýarly edilen başga bir adam, ýa telekeçilik işi ýa-da beýleki hojalyk işi bilen meşgullanýan

raýat arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde berýär.

Arzada bergidar üçin töleg tölemäge halys ukypsyzlyk ýagdaýynyň döränligi sebäpli, onuň

algydarlaryň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigi görkezilýär. Arza töleg tölemäge

ukypsyzlygy öňünden aňylanda hem-de emlägi administratiw taýdan dolandyrmak ýa-da batyp

galmak howpunyň öňüni almak çäresiniň gerekdigi haýyş edilende berlip bilner.

Bergidaryň arzasynyň ýanyna kärhananyň buhgalterçilik balansy, onuň algydarlarynyň we

bergidarlarynyň sanawy goşulýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

13-nji madda. Algydaryň arzasy

1. Eger bergidar töleg borçlaryny ýerine ýetirmese, algydar oňa poçta arkaly buýurma bilen öz

talap hatyny iberýär. Şol hatynda bergidaryň öz borçlaryny iki aýyň dowamynda ýerine ýetirmelidigi

görkezilýär, şeýle hem eger bergidar öz borçlaryny bellenen möhletde ýerine ýetirmese, özüniň

kazyýete ony batyp galan diýip ykrar etmegi hakynda arza bilen ýüz tutjakdygyny duýdurýar.

2. Algydar arbitraž kazyýetine arzany ýazmaça görnüşde iberýär, şunda bergidara bellenilen

möhletde kanagatlandyrylmady diýip bildirýän talaplary hem-de bergidara mälim edip duýduran

subutnamalary hem goşulýar, özem algydaryň edýän talaplary resminamalar esasynda tassyklanan

bolmalydyr.

Arzada emlägi administratiw taýdan dolandyrmak ýa-da batyp galmak howpunyň öňüni almak

çärelerini geçirmek hakyndaky teklip hem görkezilip bilner.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

14-nji madda. Bergidaryň ýa-da algydaryň arzasyny yzyna almak

Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň ýa-da algydaryň arbitraž kazyýetine beren arzasyny

yzyna almagyň tertibi arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

15-nji madda. Batyp galma hakyndaky işleri gozgamak

1. Batyp galma hakyndaky iş üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlaryň arzasy boýunça

gozgalanda arbitraž kazyýeti algydardan özleriniň bergidara bildirýän talabyny tassyklaýan

resminamalary talap edip alýar.

2. Batyp galma hakyndaky iş algydaryň arzasy boýunça gozgalanda arbitraž kazyýeti

bergidardan buhgalterçilik balansy hem-de algydarlar bilen bergidarlaryň doly sanawyny talap edip

alýar.

3. Arbitraž kazyýeti berlen resminamalaryň esaslydygyny-däldigini barlaýar, şolara garamagyň

netijelerine görä-de iş gozgaýar, arbitraž iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda arzany kabul edip

almakdan ýüz dönderýär ýa-da ony yzyna gaýtarýar.

Zerur resminamalar berilmedik wagtynda arbitraž kazyýeti garaşsyz barlagçy gulluga (auditor

gullugyna) bergidar kärhananyň balansyny düzmegi hem-de başga maglumat bermegi tabşyrýar,

şunda munuň hakyny kazyýetiň talabyny ýerine ýetirmedik tarap töleýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

16-njy madda. Batyp galma hakyndaky işlere arbitraž kazyýetiniň garamagy

Arbitraž kazyýeti işi ýöretmäge alan gününden beýläk bir aýdan gijä galman mejlis geçirýär,

oňa bergidar, algydarlar, bergidaryň bellige alnan ýerindäki banklaryň, maliýe hem-de salgyt

edaralarynyň, döwlet emlägi baradaky edaranyň wekilleri (bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy

bar bolsa) çagyrylýar.

Şol mejlisde üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar ýa-da onuň emlägine eýelik edýäniň wekili

işiň ýöredilmeginiň togtadylmagyny hem-de üýtgedip guramak çäreleriniň geçirilmegini haýyş edip,

ýazmaça görnüşde ýüzlenip biler.

Arbitraž kazyýetini üýtgedip guramak çärelerini geçirmegiň mümkinçiligini ýa-da maksada

laýyklygyny kesgitlemek üçin, garaşsyz seljerme bellemäge haky bardyr. Garaşsyz bilermenleriň

(auditorlaryň) işi bilen baglanyşykly edilýän çykdajylar bergidaryň üstüne ýüklenilýär.

Arbitraž kazyýeti garaşsyz bilermenleriň çykaran netijesini alandan soň iki hepdäniň içinde iş

ýöretmäge täzeden girişýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

17-nji madda. Öz emlägine döwletiň gatyşygy bolan kärhanalaryň işine seretmäge

taýýarlanmagyň aýratynlyklary

Bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy bolan halatlarynda arbitraž kazyýeti döwlet emlägini

dolandyrmak baradaky edara şol bergidaryň batyp galmagy hakyndaky işi özüniň ýöretmegine kabul

edip alandygyny bäş günüň içinde mälim edýär.

Döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edara kazyýetiň kesgitlemesini alan gününden beýläk

bäş günüň içinde kazyýete bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak üçin çäreler geçirmegiň

maksada laýykdygy ýa-da maksada laýyk däldigi hakynda öz gelen kararyny habar berýär.

Batyp galmagyň öňüni almak hakynda karar kabul edilen mahalynda döwlet emlägini

dolandyrmak baradaky edara algydarlaryň edýän emläk talaplaryny kanagatlandyrmagy hem-de

kazyýet harajatlaryny öwezini tölemegi kepillendirýär.

Döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edaranyň degişli suratda resmileşdirilen kepilleri işiň

ýöredilmegini togtatmak we bergidaryň batyp galmagynyň öňüni alar ýaly çäreleri bellemek üçin

esas bolup hyzmat edýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

18-nji madda. Bank bergidar bolanda işlere seretmäge taýýarlanmagyň aýratynlyklary

Bank bergidarlaryň hataryna girende arbitraž kazyýeti işi ýöretmäge kabul edendigini şol

bergidar bankyň tertipnamasyny bellige alan bank edarasyna mälim edýär. Şol edara bergidar

bankyň batyp galmagynyň öňüni almak üçin çäreler geçirmegiň maksada laýykdygy-däldigi hem-de

şol çärä özüniň nähili derejede gatnaşyp biljekdigi hakyndaky netijäni bäş günüň içinde arbitraž

kazyýetine bermelidir. Şol netijäniň mazmunyny arbitraž kazyýeti bergidar bankyň haýyşyna

garanda we çözgüt çykaranda nazarda tutýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

IV bölüm. ÜÝTGEDIP GURAMAK ÇÄRELERI (2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

19-njy madda. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak

1. Bergidaryň emlagini administratiw taýdan dolandyrmak işi üýtgedip guramak çäresi bolup

durýar. Bu çäräni arbitraž kazyýeti bergidaryň, kärhana eýeleriniň ýa-da algydarlaryň arzasy

esasynda belleýär hem-de ol bergidar kärhanany dolandyrmak wezipesiniň ýörite adama -

dolandyryja berilmeginden ybaratdyr.

2. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak çäresini geçirmek hakyndaky

arzanyň ýanyna: şol çäräni geçirmegiň maksada laýykdygynyň esaslandyrylmagy, dolandyryjy

wezipesine hödürlenilýän adam (dalaşgär) barada hödürnama we onuň degişli borçlary ýerine

ýetirmäge razylygy (ýazmaça görnüşde) goşulýar. Bergidaryň berýän arzasynyň ýanyna soňky

hasabat senesine gabatlap düzülen buhgalterlik hasabaty goşulýar.

3. Dolandyryjy wezipesine görkezilýän adamyň öňümçiligi dolandyrmak barada iş tejribesi

bolmalydyr. Kärhananyň ýolbaşçysy kärhanany dolandyrmak wezipesini ýerine ýetirmek

hukugyndan çetleşdirilen dowründe dolandyryjy edilip bellenilip bilinmez.

4. Arbitraž kazyýeti aşakdaky halatlarda bergidaryň emlägini administratiw

taýdan dolandyrmak hakynda karar kabul edýär:

bergidar özüniň maliýe-hojalyk işiniň ýagdaýyny göz öňünde tutup öz borçlary boýunça töläp

bilmese ýa-da ýakyn wagtda töläp bilmejek bolsa;

şu aşakdaky maksatlaryň iň bolmanda birine ýetip bilmek uçin hakyky mümkinçilik bar bolsa:

bergidaryň tölemäge ukyplylygyny dikeltmäge; algydarlar bilen barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga;

bergidaryň işlemegini dowam etdirmegi üçin onuň emläginiň bir bölegini satmaga.

Arbitraž kazyýetiniň kararynda administratiw dolandyryş çäresini geçirmegiň maksady we ony

geçirmegiň näçe wagta çekjekdigi (18 aýdan artyk bolmaly däl) kesgitlenýär. Arbitraž kazyýeti

administratiw dolandyryş çäresini geçirmek hakynda karar çykarmak bilen bir wagtda dolandyryjy

wezipesine hödürlenilýän dalaşgärini tassyklaýar ýa-da ony tassyklamaýar.

Arbitraž kazyýetiniň administratiw dolandyryş hakynda karar kabul edilýänçä garaşsyz

seljerme bellemäge, ony geçirmek üçin edilýän harajatlary haýsy tarap administratiw dolandyryş

çäresini geçirmek hakynda arza beren bolsa, şol tarapyň üstüne ýüklemäge haky bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

20-nji madda. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrýan dolandyryjynyň

ygtyýarlary

1. Dolandyryjy bergidar kärhananyň işine ýolbaşçylyk edýär, onuň emlägine ygtyýar edýär,

işgärleri, şol sanda hem kärhananyň ýolbaşçylaryny belleýär we işden boşadýar.

Dolandyryjy girewe berlen emläge ygtyýar etmekdäki hereketlerini (bu emlägiň dolanyşykdaky

girew bolup durýan halatlaryndan başga halatlarda) arbitraž kazyýeti bilen ylalaşýar.

2. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak çäresiniň geçirilýän dowründe

bergidara bildirilýän emläk talaplary barada gaýra süýşürme çäresi girizilýär. Arbitraž kazyýetiniň

bergidar barada ykrar eden talaplary diňe dolandyryjy bilen ylalaşylmagy arkaly kanagatlandyrylyp

bilner.

3. Dolandyryjy özüniň bellenen gününden beýläk iki aýyň içinde kärhanany üýtgedip guramak

meýilnamasyny, ýagny arbitraž kazyýetiniň administratiw dolandyryş çäresini geçirmek hakyndaky

kararynda görkezilen maksady gazanmaga niýetlenen maýilnamany tassyklamak üçin algydarlaryň

ýygnagyny çagyrýar. Üýtgedip guramak meýilnamasyna diňe dolandyryjynyň razylygy bilen

düzediş girizilip bilner.

Eger algydarlaryň ýygnagy üýtgedip guramak meýilnamasyny makullamasa (jemi talaplaryň

üçden ikisiniň koplügi bilen), onda dolandyryjy muny arbitraž kazyýetine mälim edýär. Arbitraž

kazyýeti üýtgedip guramak meýilnamasyna hem-de ýygnagyň eýerýän pikirine garap, administratiw

dolandyryş hakyndaky karary ýatyryp ýa-da ony güýjünde galdyryp biler.

Dolandyryjy üýtgedip guramak meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda

algydarlaryň ýygnagyna habar hem zerur düşündiriş bermäge borçludyr.

Dolandyryjynyň kärhanany üýtgedip guramak baradaky plany öz bähbitlerine zyýan ýetirýär

diýip hasap edýän her bir algydaryň ýa-da kärhana eýesiniň, degişli arz bilen arbitraž kazyýetine ýüz

tutmaga haky bardyr.

4. Dolandyryjy administratiw dolandyryş çäresiniň arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilen

maksadyna ýetilende şol çäräniň tamamlanandygy hakyndaky arz bilen ýa-da şol maksada ýetip

bolmajakdygyna göz ýetiren mahalynda bolsa şol çäräniň bes edilmegi hakyndaky arza bilen arbitraž

kazyýetine ýüz tutýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

21-nji madda. Administratiw dolandyryş çäresi barada arbitraž kazyýetiniň çykaran

karary

Administratiw dolandyryş çäresiniň geçirilmeginiň beren netijelerine hem-de dolandyryjynyň

arzynyň häsiýetine baglylykda arbitraž kazyýeti aşakdaky kararlaryň birini kabul edip biler:

administratiw dolandyryş çäresiniň tamamlanandygy hakynda. Şunda arbitraž kazyýeti

bergidary batyp galan diýip hasap etmek hakyndaky işi ýatyrmak barada hem-de dolandyryjynyň

bellän kärhana ýolbaşçylaryny ýakyn üç ýyl möhlete tassyklamak barada karar kabul edýär ýa-da

barlyşyk ylalaşygyny tassyklaýar;

administratiw dolandyrmak, bergidary batyp galan diýip ykrar etmek çäresini bes etmek

hakynda hem-de ýatyryş çäresini geçirmek hakynda;

administratiw dolandyryş çäresini dowam etdirmek hakynda.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

22-nji madda. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi

1. Batyp galmagyň öňüni almagyň özi üýtgedip guramak çäresi bolup, ol bergidar kärhananyň

ýatyrylmagynyň öňüni almak maksady bilen kärhana eýesiniň ýa-da üçünji bir tarapyň bergidar

kärhana maliýe kömegini bermeginden ybaratdyr.

2. Batyp galmagyň öňüni almak hakynda arbitraž kazyýetine berilýän arzanyň ýanyna şol

çäräni geçirmegiň maksada laýykdygynyň esaslandyrylmasy goşulýar. Eger batyp galmagyň öňüni

almak çäresine gatnaşmak isleýän adamlar şol arza entek kazyýet garamaka kesgitlenen bolsa, onda

arbitraž kazyýetine şol adamlaryň sanawy, olar hakdaky esasy maglumatlar, şol sanda hem bergidar

bilen özara gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem şol çärä gatnaşmaga razylygy (ýazmaça görnüşde)

berilýär.

3. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşmakda bergidar kärhananyň eýelerine, onuň işgärlerine

hem-de algydarlara artyk hukuk berilýär.

4. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşmak hakyndaky arza şu Kanuyň 16-njy maddasyna

laýyklykda arbitraž kazyýeti tarapyndan garalýar.

5. Batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek hakyndaky arza kanagatlandyrylan

wagtynda hem-de algydarlaryň emläk talaplaryny kanagatlandyrmak we kazyýet harajatlarynyň

öwezini tölemek barada üçünji bir tarapyň kepili bolmadyk wagtynda, arbitraž kazyýeti bergidary

batyp galmakdan halas etmäge gatnaşmak isleýän ýuridiki we fiziki taraplaryň bäsleşigini yglan edip

biler.

Arbitraž kazyýetiniň bergidaryň batyp galmagy hakyndaky işi togtatmak baradaky karary kabul

eden gününe çenli bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almaga gatnaşmak üçin kandidatlar

bolmadyk halatynda bäsleşik hökmany suratda yglan edilýär.

6. Bergidar kärhananyň batyp galmagynyň öňüni almak işine gatnaşmak üçin kandidatlaryň

arzasy başleşigi yglan eden arbitraž kazyýetine berilýär. Arza bermegiň möhleti bildirişiň çap edilen

gününden beýläk 30 gün bolmalydyr.

7. Bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermek möhleti gutarandan soň on günüň içinde, eger

bäşleşik yglan edilmedik bolsa - batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek hakyndaky karar

kabul edilenden soň on günüň içinde arbitraž kazyýeti şol çärä gatnaşmak isleýän dalaşgärlere

garaýar hem-de olary şondan beýläkki çärelere gatnaşmaga ygtyýar berýär ýa-da ol ýa beýleki

dalaşgäry bäsleşige gatnaşmak hataryndan aýyrýar.

Eger batyp galmagyn öňüni almak çäresine gatnaşmaga isleg bildirýän bolmasa, arbitraž

kazyýeti ony geçirmek hakynda çykaran kararyny ýatyrýar hem-de bergidary batyp galan diýip

hasap etmek hakyndaky işe düýp mazmuny boýunça seredýär.

8. atyp galmanyň öňüni almaga gatnaşjak dalaşgärler (kazyýetiň bäsleşige gatnaşmak

hataryndan aýranlaryndan başgalary) ýygnak geçirýärler. Ýygnakda ylalaşyk işlenip taýýarlanylýar

we ýygnaga gatnaşýanlar oňa gol çekýär. Ylalaşykda bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak

çäresi tamamlanandan soň algydarlaryň hemmesiniň talaplaryny kanagatlandyrmak borjy beýan

edilýär, onuň çak bilen haçan kanagatlandyryljakdygy görkezilýär, algydarlaryň öňündäki

jogapkärçiligi paýlamak işi, şeýle hem bergidarlaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi

başlanandan soň oňa gatnaşmakdan käbir adam boýun gaçyraýsa, batyp galmagyň öňüni alyş

çäresine gatnaşýanlaryň özara çekmeli jogapkärçilik çäresi kesgitlenýär.

Arbitraž kazyýeti berlen ylalaşyk esasynda bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini

geçirmek hakynda karar kabul edýär, şol çäräniň näçe wagt dowam etmelidigini kesgitleýär hem-de

şol çärä gatnaşýanlaryň sanawyny tassyklaýar. Batyp galmagyň öňüni almak çäresine diňe ylalaşyga

gol çeken ýuridiki we fiziki taraplar gatnaşdyrylýar.

9. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmegiň dowamlylygy 18 aýdan

aňryk geçmeli däldir. Bu çäräni geçirmegiň möhletini oňa gatnaşýanlaryň haýyşy boýunça arbitraž

kazyýeti uzaldyp biler, ýöne ol 6 aýdan artyk uzaldylyp bilinmez.

Arbitraž kazyýetiniň bergidar kärhananyň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmek

hakynda karar çykaran güni şol çäräniň başlanan güni hasap edilýär.

10. Algydarlaryň talaplary şu Kanunyň 34-nji maddasynda bellenen nobatlylyk tertibinde

kanagatlandyrylýar.

11. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşýanlar dolandyryjyny belleýärler we öňüni alyş

çäresiniň barşyna gözegçilik edýärler.

12. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmek hakynda arbitraž kazyýetiniň

çykaran kararynda hem-de şol çärä gatnaşýanlaryň baglaşan ylalaşygynda göz öňünde tutulan

maksatlaryň durmuşa geçirilmegi bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini tamamlamak

hem-de batyp galma hakyndaky işi ýöretmegi bes etmek hakynda arbitraž kazyýetiniň karar kabul

etmegi üçin esas bolup hyzmat edýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

23-nji madda. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini bes etmek we şol çärä

gatnaşýanlaryň jogapkarçiligi

1. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýeti

tarapyndan bes edilip bilner:

batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek möhleti gutaran mahalynda;

şol çäräniň netije bermeýändigi anyklanan mahalynda;

batyp galmagyň öňüni almak çäresine gatnaşýanlar algydarlaryň öňündäki borçlaryny bellenen

möhletde ýerine ýetirmedik mahalynda.

2. Eger batyp galmagyň öňüni almak çäresi bes edilen bolsa we onuň dowamlylygy 6 aýdan

geçen bolsa, bu çärä gatnaşýanlar algydarlaryň öňünde öz emlägi bilen doly jogapkärçilik çekýärler,

ýagny olar bergidaryň emläginden algydarlaryň , talaby näçe möçberde kanagatlandyrylmadyk

bolsa, şonça möçberde hem tölemeli edilýär.

3. Eger batyp galmagyň öňüni almagyň bes edilen çäresiniň dowamlylygy 6 aýdan geçmedik

bolsa, batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşýanlaryň jogapkärçiligi hakyndaky karary arbitraž

kazyýeti kabul edýär. Bu çärä gatnaşýanlaryň çekmeli paýy kanagatlandyrylmadyk talaplaryň

möçberiniň 50 göteriminden az bolmaly däldir.

4. Bergidaryň batyp galmaganyň öňüni almak çäresiniň geçirilýän döwründe her bir algydar ýa

kärhana eýesi arbitraž kazyýetine ýüz tutup: dolandyryjy ýa-da öňüni alyş çäresine gatnaşýanlar

tarapyndan arz edijiniň bähbitlerini kemsitmek hereketleriniň edilýändigi ýa-da batyp galmagyň

öňüni alyş çäresiniň netije bermeýändigi hakynda arz edip biler. Arbitraž kazyýetiniň şeýle arza

garap, bergidaryň batyp galmagynyň öňüni alyş çäresiniň geçirilmegini bes etmek hakynda karar

çykarmaga haky bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

V bölüm. BERGIDARY ÝATYRMAK HAKYNDAKY IŞI ÝÖRETMEK

24-nji madda. Bergidary mejbury suratda ýatyrmak hakyndaky karar

Arbitraž kazyýeti üýtgedip guramak çärelerini geçirmek maksada laýyk bolmadyk ýa-da

mümkin bolmadyk mahalynda, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidara batyp galan diýip ykrar edýär

hem-de şol kärhanany ýatyrmak hakynda kazyýetiň iş ýöretmeginiň çäklerinde kärhanany mejbury

suratda ýatyrmak barada karar kabul edýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

25-nji madda. Bergidaryň batyp galmagyny yglan etmek

Arbitraž kazyýetiniň üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidary batyp galan diýip yglan etmek

hakyndaky hem-de ony ýatyrmak barada iş gözgamak hakyndaky karary şol kazyýet tarapyndan

metbugatda çap edilýär, şunda munuň üçin edilen harajatlaryň öwezi batyp galanyň emläginden

tutulyp alynýar.

Arbitraž kazyýeti bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň açylandygyny aşakdakylara

mälim edýär:

kärhananyň eýesine (ony döredijä);

eger bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy bar bolsa, döwlet emlägini dolandyrmak baradaky

edara;

ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasyna;

bergidara hyzmat edýän bank edaralaryna.

Eger bank batyp galan diýip yglan edilen bolsa, bu barada şol bankyň tertipnamasyny bellige

alan bank edarasyna mälim edilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

26-njy madda. Batyp galany ýatyrmak hakynda iş gozgalmagynyň onuň üçin getirýän

netijeleri

Bergidaryň batyp galan diýlip yglan edilen hem-de ony ýatyrmak hakyndaky işiň gozgalan

pursatyndan beýläk, üzülişmäge gurby ýetmeýän şol bergidaryň emlägi satmagy - öz adyndan

aýyrmagy, ony başga birine bermegi we borçlar üzmegi gadagan edilýär, ýöne algydarlaryň

ýygnagynyň rugsat eden halatlary muňa girmeýär.

Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň ähli bergi borçlarynyň möhleti gutaran diýlip hasap

edilýär.

Batyp galan bergidaryň bergileriniň ähli görnüşi boýunça jerime we prosent töletdirilmegi bes

edilýär we onuň emlägi barada kanun üsti bilen edilýän çäklendirmeleriň hemmesi aýrylýar.

Emläk ýa-da maliýe häsiýetindäki ähli talaplar bergidara şu pursatdan başlap diňe uzülişmäge

gurby ýetmeýän bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýöretmegiň çäklerinde bildirilip bilner.

27-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmäge gatnaşýanlar

Arbitraž kazyýeti, dolandyryjy, algydarlaryň ýygnagy, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar we

beýleki dahylly adamlar bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmäge gatnaşýanlar hasaplanýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

28-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekde arbitraž kazyýetiniň

wezipesi

Arbitraž kazyýeti:

bergidary ýatyrmak hakyndaky işi gozgaýar we iş ýöretmegi ýatyrýar;

algydarlaryň ýygnagyny çagyrýar;

dolandyryjynyn we algydarlaryň ýygnagynyň işine gözegçilik edýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

29-njy madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekde dolandyryjynyň

ygtyýarlary

Dolandyryjy:

bergidaryň emlägini öz ygtyýaryna alýar we dolandyrýar;

bergidaryň maliýe ýagdaýyny seljerýär, algydarlaryň bildirýän talaplarynyň esaslydygyny-

däldigini öwrenýär;

bergidary ýatyryş toplumyny düzýär;

bergidary ýatyrmak hakyndaky işiň gozgalan pursatynda onuň maliýe ýagdaýy we emlägi

hakyndaky zerur maglumaty arbitraž kazyýetine, algydarlara berýär;

eger bergidar kärhananyň ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirilen bolsa, şol kärhanany

dolandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär;

bergidar üzülişmäge gurby ýetmeýän diýlip ykrar edilmezinden öň 12 aýyň dowamynda onuň

baglaşan geleşikleri barada arbitraž kazyýetinde şikaýat etmäge haklydyr;

ýatyryş toparyny düzýär we onuň işine ýolbaşçylyk edýär;

algydarlaryň ýygnagy bilen ylalaşyp, bergidaryň emlägini satmagyň möhleti we görnüşi

hakynda karar kabul edýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

30-njy madda. Algydarlaryň ýygnagy

Algydarlaryň ýygnagyna gatnaşmak hukugy algydarlara, dolandyryja we bergidara berilýär.

Karary diňe algydarlar kabul edýär.

Algydarlaryň ýygnagy:

dolandyryjynyň dalaşgärini tassyklaýar we onuň hak-heşdegini kesgitleýär;

dolandyryja bergidaryň emlägini bermek-satmak bilen baglanyşykly aýry-aýry geleşikleri

etmäge rugsat berýär;

dolandyryjynyň edýän hereketlerine gözegçilik edýär;

barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak hakynda karar kabul edip biler;

algydarlar komitetini döredip biler we onuň wezipesini kesgitleýär.

Eger algydarlaryň ýygnagyna çözüji ses hukugy bolan, özem girew bilen üpjün edilmedik

borçlaryň umumy jeminiň azyndan 50 göteriminiň wekilçiligini edýän algydarlar gatnaşan bolsa, şol

ýygnak doly ygtyýarly hasap edilýär. Algydarlara ýygnakda özleriniň ynanylan adamy wekilçilik

edip biler.

Eger algydar bergidar barada ykrar edilen talaplaryň eýesi bolup durýan bolsa, onda onuň

algydarlaryň ýygnagynda öz sesiniň bolmagyna haky bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

31-nji madda. Bergidaryň özüni ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekdäki hukugy

Bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýöredilende, ol:

öz emlägine ygtyýar etmek we ony dolandyrmak hukugyny ýitirýär;

dolandyryjynyň bikanun (bergidaryň pikirine gorä) hereketleri barada arbitraž kazyýetine

şikaýat etmäge haky bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

32-nji madda. Emlägiň we berginiň bahasyny çykarmak

1. Bergidaryň ähli aktiwiniň kärhana balanslarynda görkezilendigine ýa-da görkezilmändigine

garamazdan, şol aktiwler bergidary ýatyryş toplumyny düzmek-emele getirmek üçin esas bolup

hyzmat edýär. Eger kanunda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu topluma bergidaryň

balansynda durýan durmuş obýektler hem girýär.

2. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň barşynda işe çekilen bilermenleriň kömegi

bilen bergidaryň emlägi (aktiwleri) we onuň borçlary tükelleme edilýär hem olara baha kesilýär.

3. Bergidaryň ýatyryş toplumyna girýän emlägine bellenen tertipde baha kesilýär. «Kim

ýokary» söwdada satylýan emläk üçin baha kesiş gymmaty onuň başky bellenýän nyrhy

hasaplanýar.

Bergidary ýatyryş toplumyna fiziki taraplaryň hem-de döwlet eýeçiligi görnüşine degişli

bolmadyk batan kärhananyň eýeleriniň şahsy emlägi hem girýär, eger kärhananyň emlägi borçlary

üzmek üçin ýeterlik bolmasa.

Bergidary ýatyryş toplumyna bergidaryň öz emlägi bolmadyk emlägi girizilmeýär, şol sanda

aşakdakylar girizilmeýär:

bergidaryň kärende hukugy esasynda peýdalanýan emlägi;

bergidaryň jogapkärçiliginde saklanylýan harytlar hem-de kanunlara laýyklykda, bergidaryň

emlägi bolmadyk başga emläk;

kärhananyň işgärleriniň şahsy emlägi - şereketiň agzalarynyň doly jogapkärçiliginde durýan

emläk muňa girmeýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

33-nji madda. Girew bilen üpjün edilen bergi borçlaryny üzmek

Girew bilen üpjün edilen bergi borçlary bergidaryň emläginiň hasabyna binobat üzülýär.

34-nji madda. Bergidary ýatyryş toplumyny paýlamagyň tertibi we nobatlylygy

1. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmek, dolandyryjynyň wezipesini ýerine ýetirmek

bilen baglanyşykly çykdajylaryň, şeýle hem kärhananyň işiniň dowam etdirilmeginden gelip çykýan

çykdajylaryň öwezi binobat tölenilýär.

2. Şu maddanyň 1-nji punktunda görkezilen çykdajylaryň öwezi tölenenden soň, bergidary

ýatyryş toplumy paýlananda şu aşakdakylaryň artyk hukugy bardyr:

birinji nobatda raýatlar - olaryň janyna ýa saglygyna zeper ýetirenligi üçin bergidaryň,

jogapkärdigi bilen baglanyşykly (wagt boýunça tölenýän degişli tölegleri maýa öwürmek arkaly);

ikinji nobatda batyp galan kärhananyň işgärleri - olaryň işine hak tölemek boýunça; bergidary

ýatyrmak hakyndaky iş ýörediş gozgalmazdan ozal pensiýalary we kömek pullary tölemekde üç

ýylyň dowamynda edilen bergiler boýunça;

uçünji nobatda döwlet býujeti – býujetiň öňündäki borçlary üzmek boýunça, eger şol borçlar

bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýörediş gozgalmazdan ozal bir ýylyň dowamynda dörän bolsa;

dördünji nobatda bergidary ýatyryş toplumy paýlananda artyk hukugy bolmadyk algydarlaryň

talaplary kanagatlandyrylýar;

bäşinji nobatda zähmetkeşler köpçüligindäki paýnama eýeleriniň talaplary

kanagatlandyrylmalydyr;

altynjy nobatda galan ähli talaplar-borçlar üzülýär;

ýedinji nobatda batyp galan bergidarlaryň emläk hukuklary kanagatlandyrylýar.

3. Her nobatdaky talaplar şonuň öňündäki nobatyň talaplary bilen doly hasaplaşylandan soň

kanagatlandyrylýar.

4. Degişli nobatdaky algydarlaryň ähli talabyny doly kanagatlandyrmak üçin töledilip alnan

töleg ýeterlik bolmasa, şol talaplar her talapkäre düşýän algyň möçberine barabarlyk tertipde

kanagatlandyrylýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

35-nji madda. Bergidaryň emlägini satmak

Bergidaryň emlägini satmagy ýatyryş toparynyň ygtyýar bermegi bilen dolandyryjy guraýar.

Dolandyryjy bergidaryň emläginiň haçan satylyp başlanjakdygyny mälim edýär, emlägi satyn

almagyň şertlerini hem-de isleg bildirýän adamlaryň mümkin gadar giň toparynyň emläk satyn

almak isleýändiklerini aýtmagynyň möhletini habar berýär.

Emläk «kim ýokary» söwdasynda iň ýokary baha hödürlän alyja satylýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

36-njy madda. Algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak

1. Bergidaryň emlägini satmakdan düşen pul serişdeleri şu Kanunyň, 34-nji maddasyna

laýyklykda algydarlaryň arasynda paýlanylýar.

2. Talaplary bildirmek üçin bellenen möhlet gutarandan soň ýüze çykan we bildirilen talaplar

möhletinde bildirilen talaplar kanagatlandyrylandan soň bergidaryň galan emläginiň hasabyna

kanagatlandyrylýar.

3. Dolandyryjynyň ykrar etmedik talaplary üzülişen diýlip hasap edilýär- eger algydarlar şeýle

çözgüt barada arbitraž kazyýetine şikaýat etmeseler ýa-da arbitraž kazyýeti algydarlaryň arzasyny

kanagatlandyrmasa şeýle edilýär.

4. Bergadaryň emläginiň ýetmezlik etmegi zerarly öz talaplary kanagatlandyrylmadyk

algydarlaryň bergidary jogapkärçilige çekmek we oňa çekilen zyýanyň öwezini töletdirmek

hakyndaky hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haky bardyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

37-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň tamamlanmagy

Arbitraž kazyýeti dolandyryjynyň öz alyp barýan işi hakynda ýazyp beren jemleýji nutugyny

tassyklaýar, şol nutugyň ýanyna bergidary ýatyryş balansy hem-de talaplar kanagatlandyrylandan

soň galan serişdeleriň ulanylyşy hakyndaky hasabat hem goşulýar, bergidary ýatyrmak hakyndaky

işi ýöretmegi tamamlamak hakynda karar kabul edýär hem-de kärhanalary döwlet belligine alýan

edara özüniň kabul eden karary barada habar berýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

38-nji madda. Kärhanany ýatyrmak

Kärhana döwlet belligine alnyş sanawyndan çykarylan pursatyndan ýatyrylan diýlip hasap

edilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

VI bölüm. BARLYŞYK YLALAŞYGY

39-njy madda. Barlyşyk ylalaşygyny gazanmak mümkinçiligi

Bergidar bilen algydarlaryň arasynda barlyşyk ylalaşygy üýtgedip guramak çäreleriniň

geçirilýän ýa-da bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň alnyp barylýan islendik döwründe

baglaşylyp bilner.

Barlyşyk ylalaşygy diňe şu Kanunyň 34-nji maddasynda bellenen dördünji we şondan soňraky

nobatdaky talaplar barada baglaşylyp bilner.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

40-njy madda. Barlyşyk ylalaşygyny kabul etmegiň şertleri

Eger algydarlaryň azyndan üçden iki bölegi (bildirilýän talaplaryň jemi boýunça) barlyşyk

ylalaşygynyň tarapyny tutan bolsa, onda şeýle ylalaşyk kabul edildi diýlip hasap edilýär.

Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga razy bolmadyk algydarlar üçin bellenilýän şertler edil

şolaryň nobatyndaky talaplary ýaly talaplary bolup, barlyşyk ylalaşygyna razy bolan

algydarlaryňkydan ýaramaz bolmaly däldir.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

41-nji madda. Barlyşyk ylalaşygynyň arbitraž kazyýetinde garalmagy

Barlyşyk ylalaşygyny tassyklatmak hakyndaky haýyşnama berlende bergidar şeýle ylalaşygyň

proýektini, şeýle hem kärhananyň balansyny, şu Kanunyň 34-nji maddasynyň 2-nji punktunda

sanalyp geçilen ähli algydarlaryň sanawyny (olaryň salgysy we berginiň möçberi görkezilen

bolmaly), şeýle hem barlyşyk ylalaşygy degişli bolmadyk talaplar boýunça bergileriň üzülişilendigi

hakyndaky kepilnamany bermäge borçludyr.

Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak hakyndaky işiň haçan diňleniljekdigini arbitraž kazyýeti

dahylly taraplara mälim edýär. Çagyrylan adamlaryň gelmezligi işiň garalmagyna päsgel bermeýär.

Arbitraž kazyýeti öz mejlisinde barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga garşy bolýan her bir algydary

diňlemäge, hatda algydar özleriniň ýygnagynda şol ylalaşygyň tarapyny tutan hem bolsa, ony

diňlemäge borçludyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

42-nji madda. Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak

Barlyşyk ylalaşygy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we arbitraž kazyýeti tarapyndan

tassyklanýar. Şeýle ylalaşyk sanawy girizilen ähli algydarlar üçin hökmanydyr, özem arbitraž

kazyýeti tarapyndan tassyklanan gününden güýje girýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

43-nji madda. Barlyşyk ylalaşygynyň hakyky däldigi ýa-da ýatyrylmagy

1. Eger uzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar öz emlägini balansda nädogry görkezen bolsa,

onda arbitraž kazyýeti her bir algydaryň beren hak islegine görä barlyşyk ylalaşygyny hakyky däl

diýip ykrar edip biler.

2. Barlyşyk ylalaşygy şu aşakdaky halatlarda ýatyrylyp, bergidaryň batyp galan diýlip ykrar

edilmegi bolsa täzeden dikeldilip bilner:

barlyşyk ylalaşygynyň şertleri ýerine ýetirilmese;

bergidaryň maliýe ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy dowam edende, bu bolsa algydarlara

bergidaryň batyp galanlyk ýagdaýynyň täzeden dikeldilmegini haýyş etmäge hukuk berýär;

bergidar algydarlaryň hukuklaryna we bähbitlerine zyýan ýetirýän hereketleri eden wagtynda.

3. Barlyşyk ylalaşygy hakyky däl diýlip ykrar edilen mahalynda, bergidary batyp galan diýip

ykrar etmek işiniň täzeden dikeldilendigi hakynda arbitraž kazyýeti tarapyndan bergidaryň hasabyna

metbugatda mälim edilýär.

4. Eger üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar barlyşyk ylalaşygy ýerine ýetirilmänkä batyp

galan diýlip yglan edilen bolsa, onda algydarlaryň bildiren talaplary (şol talaplara görä bolsa

bergidaryň tölegleri tölemegi gaýra süýşürilen, tölegleri böleklere bölüp bermek edilen ýa-da

bergileriň kanagatlandyrylmadyk böleginden geçirim edilen bolsa) doly möçberde täzeden

dikeldilýär.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýyl, 1-nji oktýabr

№ 861-XП

На этот материал ссылаются